“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda talyplary okuwa höweslendirmek maksady bilen Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Aýyň talyby” atly bäsleşigi jemlemek dabarasy boldy. Bäsleşik talyplaryň sapaga ýetişigi, jemgyýetçilik we döwlet derejesindäki çärelere gatnaşygy, okuw jaýynyň içerki tertip-düzgünlerini berjaý edişi ýaly görkezijileri esasynda geçirildi. Bäsleşigiň netijesinde orta hünär okuw mekdebiniň “Maliýe we karz” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Annagurbanow Orazgeldi “Aýyň talyby” adyna mynasyp boldy, hormat haty we tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.