“Aýyň mugallymy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlary işe höweslendirmek, olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Mary  welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda “Aýyň mugallymy” atly bäsleşiginiň netijelerini jemläp, bäsleşigiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Bäsleşikde mugallymlaryň sapak bermekde hünär ussatlygyna: okatmagyň usulyýetine, okuw materiallaryny hödürlemegine we talyplary okuwa höweslendirmek ussatlygy ýaly birnäçe şertlere garaldy. Mundan başga-da, mugallymlaryň usulyýet işine we netijelerine , gollanmalaryna, şeýle hem döwürleýin neşirlerde çap edilen işlerine seredildi. Bäsleşigiň netijesi boýunça orta hünär okuw mekdebiniň ykdysatçy mugallymy Darrynowa Hatyja Gaýgysyzowna “Aýyň mugallymy” adyna mynasyp boldy we hormat haty, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97