Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuw jaýynyň ilkinji ýaşlar guramasy hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Hoş geldiň täze ýyl - Salam Täze ýyl” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu baýramçylyk dabarasy aýdym-sazly pursatlara beslenip, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Goý, ähli türkmen halkymyzyň ýetip gelýän täze ýyl baýramçylyklary gutly bolsun!