Mary welaýat maliýe-ykdyasdy orta hünär okuw mekdebinde “START-UP” meýdançasy döredilip, onda hereket edýän topar agzalary Ýaponiýa, Koreýa, HHR ýaly ösen döwletleriň start-up pikirlerini öwrenmek üçin adatdaky maslahatyny geçirdiler. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň bazar usulyýetini hem-de aktual meselelerini öwrenip, “START-UP” pikirleri döretmeli diýen netijä geldiler.