“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça bäsleşiginiň jemi jemlendi
2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça geçirilen welaýat ders bäsleşigi üstünliklere beslendi. Bäsleşige Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran № 2136 belgili Karary bilen tassyklanan “2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny” durmuşa ornaşdyrmak we talyplaryň “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçirildi.Bäsleşigiň netijeleri esasynda ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşikde Baş baýragy Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Jelalowa Marýam Isaýewna, I orny Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Çaryýewa Gülzada Muhammedowna, II orny Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Baýramgeldiýewa Läle we Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Atajanowa Täçnabat Taňryberdiýewna, III orny Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hudaýberdiýewa Aýgül Döwranowna, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Handurdyýewa Gülälek Maksatmyradowna, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Rejepowa Şeker eýelediler
Ýeňijilere orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Diplomlar we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.