2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” aprel aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jelalowa Marýam Isaýewna “Tapnote” hyzmaty - kompaniýalary mahabatlandyrmagyň innowasion usuly atly taslamasy bilen gatnaşyp, bäsleşigiň “Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça I orna mynasyp boldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdi.