2025-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Ylymlar güni mynasybetli «Innowasion ylmy taslamalar» atly taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary öz taslamalary bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşige Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby Nurberdiýew Eziz “Maliýe sözlük” atly ykjam programma taslamasy bilen gatnaşdy. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyby Nurberdiýew Eziz bäsleşigiň «Bilim ulgamynda innowasion ylmy taslamalar» ugry boýunça II orny eýeledi. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.