Döwlet synaglary dowam edýär
2024-2025-nji okuw ýylynyň 23-nji iýunynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan, ele alan çuňňur bilimlerini, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmeti bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize wepaly bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da belende göterjek talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda jogapkärli döwür bolan döwlet synaglaryna badalga berilip, häzirki wagtda döwlet synag toparlary tarapyndan synaglar işjeň dowam edýär. Orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlara uly üstünlikler arzuw edildi. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi