Ders bäsleşiginde gazanan üstünligimiz

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” talyplaryň ylma, bilime bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary hem gatnaşyp, birnäçe baýrakly orunlary eýelediler. Esasanda orta hünär okuw mekdebimiziň ýöriteleşen ugry bolan Sanly ykdysadyýet dersi boýunça gowy netijeler gazanyldy. Şeýle-de ders bäsleşiginiň beýleki ugurlary boýunça hem birnäçe orunlar eýelendi. Baýrakly orunlary eýelän talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97