2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 19-njy iýulynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde tassyklanan okuw meýilnama laýyklykda talyplary tomusky dynç alyşa guramaçylykly ibermek hem-de olaryň dynç alyş döwründe tertip-düzgünleri berjaý etmekleri boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyplara köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmeklik tabşyryldy. Hususanda, ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtamak bilen asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr, diýlip bellenilip geçildi. Şeýle hem sosial torlardan peýdalanmagyň tertibi barada aýdylyp geçildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.