Onlaýn maslahata ganlaşyldy
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda sagat 15:00-da onlaýn maslahata gatnaşyldy. Maslahatda:1. Umumybilim edaralarynda okadylýan Informatika, Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar dersiniň mazmunyny seljerip ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda MKT degişli bolmadyk hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň okuw meýilnamalarynyň çäklerinde okadylýan HZKT dersiniň okuw maksatnamasyny kämilleşdirmek işini guramaly we utgaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy R.Mahmudow çykyş etdi.
2. Big data, machine learning, blockchain, AI tehnologiýalary esasynda bilim ulgamy üçin döwrebap çözgütleri taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy R.Mahmudow çykyş etdi.
3. GitHub Education Pack mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly IKT standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Ş.Wepaýew çykyş etdi.
4. Google Developer Student Clubs (GDSC) mümkinçiliklerini öwrenip MKT ugrunda hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw işinde peýdalanmak üçin gözükdirijini taýýarlamak (wideo görnüşinde bolup biler) boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni Ş.Wepaýew çykyş etdi.
5. Kiberhowpsuzlyk kafedrasynda alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleriň ýagdaýy barada Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kiberhowpsuzlyk kafedranyň müdiriniň w.ý.ý. Ç.Gylyjowa çykyş etdi.