Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 17-nji oktýabrynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmen halkymyzyň milli däp-dessurlary, edep-terbiýesi, maşgala mukaddesligi we gender deňligi baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen talyp gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda türkmen gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesi, pederlerimizden miras galan milliligimiz, maşgala edebi şeýle hem halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary dogrusynda baý mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaşlarymyzyň mynasyp bilim-terbiýe almagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97