Orta hünär okuw mekdebiniň mugallym Şa serpaýa eýe boldy!
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 20-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda ylymda, bilimde, medeniýetde ak ýürekden zähmet çekip üstünlik gazanan hünärmenleri Şa serpaýy bilen sylaglandy. Şol sanda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy H.Darrynowa hem Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy “Bitaraplygyň 30 ýyllygy nyşana” mynasyp boldy.Hatyja Darrynowa: - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak, durmuşymy egsilmez buýsanja, şatlyga besledi. Watanymyzyň abraýy, şan-şöhraty ugrunda çekýän zähmetiň üçin sylag-hormata mynasyp bolmak, has-da ömrüňe aýratyn öwüşgin çaýýar. Öňde goýlan maksatlara ýetmäge Watan üçin zähmet çekmäge has-da ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilleşmegi, olaryň ata Watanymyzyň daýanjy bolup kemala gelmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri hem döredilýän şertleriň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!