Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dekabr aýynyň 26-na Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Bu täsirli gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň taryhy döwürleri, ýadygärlikleri, milli-mirasy we türkmen bedewleri hakynda gyzykly gürrüňler talyplarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhyny şöhlelendirýän şekiller, fotosuratlar talyplarymyzyň Türkmenistanyň taryhy baradaky düşünjelerini has-da giňeltdi. Aýratynda türkmen bedewiniň ýyndamlygy, milli şaý-sepleri hem-de gadymy döwürlerde seýisçilik sungaty hakynda gürrüňler talyplary haýran galdyrdy. Eziz diýarymyzyň taryhyny, milliligini, däp-dessurlaryny öwrenmek üçin ýaşlarymyza şeýle giň mümkinçilikleri döerdip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97