2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy ýanwarynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk ýoly” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 2026-njy ýylyň Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Ol milli ýörelgelere ygrarlylygy, şol bir wagtyň özünde ählumumy ösüşe we tehnologik täzeliklere açyklygy alamatlandyrýar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.