Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň fewral aýynyň 13-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň içki meýilnamasyna laýyklykda orta hünär okuw mekdebiniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyp gelin-gyzlarynyň arasynda Orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary watansöýüjilik ugrunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna Baýramaly şäherinden degişli jemgyýetçilik guramalary gatnaşyp, birnäçe täsirli gürrüňleri talyplara ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi