Telekeçiligi ösdürmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyllyk talyplarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň biridir» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlary telekeçilige çekmek, ýaş telekeçileriň döremegini gazanmak, olara başlangyç goldaw bermek, düşünjelerini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine “Ak çeşme” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şaher geňeşiniň hünärmeni we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy gatnaşyp, talyplarda telekeçilik düşünjelerini has-da ýokarlandyrdylar. Telekeçilik işiniň ýurdumyzda gülläp ösýändigini hem-de telekeçiler üçin ýeňillikli karzlaryň we salgyt ýeňillikleriniň döredilýändigi barada giňişleýin durup geçildi we birnäçe talyplary okuwyny tamamlanyndan soň “Ak çeşme” hususy kärhanasyna işe çagyrmak bilen talyplaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97