Onlaýn maslahat guraldy

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepler bilen bilelikde tejribe alyşmak maksady bilen Begenç Sopyýewiň çykyş etmeginde "Okatmagyň häzirki zaman interaktiw usullaryny seljermek hem-de olaryň amaly taýdan ulanylyşyny görkezmek. Pedagogik innowasiýalaryň, kompetensiýa esasly çeşmeleriniň we üznüksiz bahalandyrmagyň ähmiýetini düşündirmek. Mugallymlaryň döredijilikli, analitik we tankydy pikirlenme başarnyklaryny ösdürmek", Jemşit Babaýewiň çykyş etmeginde "Ýewropa bilim gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply (ugurtapyjy) ýaşlar üçin diolog we hereket” atly taslamasynyň çäklerinde “Scaffold” kartoçkalary ulanmak arkaly okatmagyň täze usulyýetini öwrenmek boýunça orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen DARYA SCAFFOLD atly online okuwyna gatnaşan mugallymlaryň tejribelerini paýlaşmak", Abdylla Durdyýewiň çykyş etmeginde " Sanly bilim gurallarynyň we onuň goragynyň mugallymlaryň okuw işinde netijeli ulanylyşynyň usuly esaslaryny açyp görkezmek", Ogulşeker Taňrygulyýewanyň çykyş etmeginde " Emeli aň tehnologiýalarynyň mazmuny, gurluşy we olaryň bilim ulgamyndaky ähmiýeti" atly gyzykly temalardan çykyşlar edilip, tejribe alyşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97