Telekeçilik düşünjesini ösdürmek arkaly ýaşlary zähmet bazaryna taýýarlamak
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mart aýynyň 27-ne II ýyllyk talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti degişli hünärmeniniň hem-de “Eziz dag” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysynyň gatnaşmagynda Ýaşlary telekeçilige çekmek, telekçilik endiklerini ösdürmek, bilim bilen önümçiligi utgaşdyrmak, ýaş ykdysatçy hünärmenleriň zähmet bazarynda iş bilen üpjün etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda “Eziz dag” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy, telekeçi A.Öwezdurdyýew telekeçilik boýunça ýurdumyzda giň gerimli alnyp barylýan işler dogrusynda durup geçdi, şeýle hem Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 1C buhgalteriýa programma üpjünçiliginden baş alyp çykýan talyplaryň bardygyny belläp, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça zähmet çekmeklerine doly mümkinçilik dörediljekdigi uly ynam aýdyp, başarnykly talyplary işe çagyrmak bilen olaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy T.Jumadurdyýewanyň orta hünär okuw mekdebinde telekeçilige gyzyklanma bildirýän talyp ýaşlara döwlet tarapyndan döredilýän şertler barada aýdanlary duşuşygyň dowamynda öz beýanyny tapdy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi