Boş iş orunlarynyň – hünärmenleriň ýarmarkasy geçirilýär

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 8-nji maýynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Mary welaýatynyň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasyny» geçirýär.
Mary şäheriniň Sergi zalynda geçiriljek bu çäre döwlet we hususy pudagynyň edara-kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu ýarmarka uçurymlar üçin öz hünär başarnyklaryny iş ýüzünde görkezmäge we geljekki iş berijileri bilen göni gatnaşyk gurmaga döredilen oňaýly mümkinçilikdir. Ýarmarkada Mary welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalary özlerine gerekli hünärmenleri orta hünär okuw mekdebinden saýlap-seçmek we öndürýän önümlerini tanyşdyrmak boýunça täsirli çykyşlary ederler. Hususy kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagy, uçurymlaryň hünär taýýarlygynyň bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan tejribe bolar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97