Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde täze
“Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň açylmagynyň
Esaslandyrmasy

1. Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady, medeni we durmuş özgertmeleriniň netijesini nazarda tutup, “Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar” diýip, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmelere Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn uly baha berýär. Buhgalter hasaby tutuş adamzat jemgyýetiniň ösmegi bilen many we mazmun taýdan özgerýär, has işjeň häsiýete eýe bolup, onuň ösmegine edýän täsiri gitdigiçe artýar. Türkmenistanda hem buhgalter hasabynyň aýratyn ösüş taryhynyň barlygyny belläp geçmek zerurdyr. 2007-nji ýyldan başlap Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady-durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti has çalt depginler bilen ösüp başlady. Türkmenistanda buhgalter hasabyny maliýe hasabatynyň halkara standartlaryna laýyklykda özgertmekligiň zerurlygy döredi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen buhgalter hasaby we audit boýunça uly özgertmeler geçirilip başlandy. 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi. Bu karara laýyklykda bolsa Türkmenistanda buhgalter hasabynyň kanunçylyk esaslary kämilleşdirildi, buhgalter hasabynyň, auditiň resminamalary halkara standartlaryna laýyk getirildi, halkara standartlaryna laýyk gelýän maliýe hasabatynyň milli standartlary işlenip düzüldi we tassyklandy. 2019-njy ýyldan başlap edara-kärhanalaryň buhgalteriýa bölümlerinde Maliýe hasabatynyň halkara standartlary ornaşdyryldy. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň esasy maksady talyplara hasap işiniň esasy görnüşleriniň mazmunyny, hasap işini ýerine ýetirmegiň düzgünlerini, usullaryny, kanunlaryny we hasap işini kämilleşdirmek boýunça ýörite görkezmeleriň esasynda alyp barmagy, maliýe hasabatyndaky maglumatlaryň dogrylygyna, edara görnüşli taraplarda emlägiň, pul serişdeleriniň ulanylyşyna, täjirçilik işleriniň we maýa goýumlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlara gözegçiligi üpjün etmegi öwretmekden ybaratdyr. Sanly tehnologiýalar bilen kämilleşdirilen buhgalter we audit hyzmatlaryna ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy, telekeçiligiň we edara kärhanalaryň çalt depginde ösmegi üçin täze mümkinçilikler açýar we ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna getirýär.
2. Häzirki zaman ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi bilen, üýtgäp durýan zähmet bazarynda döwlet sektorlarynda we hususy sektorlarda hem düýpli özgerşikler ýüze çykýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmekde, döwlet dolandyrylyşynyň öňde baryjy usullaryny ornaşdyrmakda, hem-de täze iş orunlaryny döretmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeligini ýokarlandyrmakda üstünlikli ädimleriň biridir. Telekeçilik işinde maddy, material we maliýe serişdelerine zerurlygyň bolşy ýaly zähmet serişdelerine, ýagny işgärlere hem zerurlyk ýüze çykýar. Telekeçilik işi ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri öndürmäge itergi berýär. Telekeçilik işinde ýaşlara goldawyň berilmegi işgärleriniň aglaba böleginiň ýaş hünärmenlerden düzülmegine getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy kärhanalaryň ýyl saýyn sanynyň artmagy bilen kärhanalaryň ykdysadyýet, hasabat-buhgalteriýa bölümlerinde täze iş orunlary döreýär. Iş orunlarynyň artmagy bolsa bu ugurda işlejek, döwrebap buhgalterçilik hasaba alnyşyndan, auditden we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar.
3. Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça taýýarlanylar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, hasaplama geçirmegi, buhgalteriýanyň nazaryýeti, her bir pudaga degişli usuly, kadalaşdyryjy we gollanma resminamalary ýöretmegi, buhgalter hasabynyň görnüşleri we usullary, buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli standartlarynyň aýratynlyklary, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň netijesini kompýuter programmalarynyň üsti bilen resmileşdirmegi, kärhananyň maddy gymmatlyklaryny, serişdelerini tükellemegi we gözegçilikde saklamagy, maliýe hasabatlylygy düzüp, derňew geçirmegi öwrediler.
4. Orta hünär okuw mekdebinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen.
5. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça tamamlan hünärmen ähli pudaklarda, döwlet we hususy edara-kärhanalaryň buhgalteriýa, maliýe, gözegçi – derňew bölümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, söwda toplumynda, banklarda buhgalter, edara-kärhanalarda hasabat, derňew, maliýeleşdirmek we karz işlerini alyp
barýan buhgalter, zähmet we aýlyk haky boýunça buhgalter, maddy serişdeleri hasaba ykdysatçy-menejer wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylar.
6. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar.
7. Taýýarlygyň ugry boýunça hünärmenlere «Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň nazaryýeti», «Ykdysady hukuk», «Dolandyryş ykdysadyýeti», «Ykdysady analiz», «Buhgalterçilik dolandyryş hasaba alnyşy», «Audit», «Ykdysady meýilnamalaşdyryş we çaklaýyş», «Statistikanyň nazaryýeti» we beýleki dersler okadylar.
8. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip, olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar.
9. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 32-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär.
10. Häzirki wagtda zähmet bazarynda ykdysatçy-menejerlere bolan isleg barha beýgelýär. Muňa mysal edip Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat audit” hususy kärhanasynyň, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Ýusup-Zylyha” hususy kärhanasynyň hünärmenlere bolan zerurlyk baradaky hatlaryny görkezmek bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97