Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde täze“Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäriniň açylmagynyň
Esaslandyrmasy
1. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek ýurdumyzyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak, ýerlikli peýdalanmak we yzygiderli kämilleşdirmek boýunça zerur bolan şertler döredilýär we ösdürilýär. Türkmenistan döwleti Garaşsyzlyga eýe bolanyndan soňra, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady ösüş ýoluny saýlap aldy. Bazar ykdysadyýeti bolsa hemişe iki çägiň arasynda hereket edýär we olara daýanýar. Bu iki çägiň biri haryt, beýlekisi bolsa puldur. Pul we haryt bazar ykdysadyýetiniň özenidir we maýasydyr. Puluň we harytlaryň hereketiniň hasaby bolsa buhgalter hasabyna esaslanýar. Ine, şonuň üçin hem buhgalter hasaby, bir tarapdan, munuň özi kärhananyň ykdysadyýetini dolandyrmaklygyň maglumat merkezi, ikinji tarapdan bolsa, ol ýurduň ykdysadyýetini dolandyrmaklygyň maglumat esasy bolup durýar. Bazar gatnaşyklary şertleriniň kämilleşdirilmegi edara-kärhanalaryň netijelerini artdyrmaklaryna, täze mümkinçilikleri döretmäge giň ýol açýar. Kärhanalaryň netijeli işlemekleri köplenç halatda dolandyryş işleriniň alnyp barlyşyna baglydyr. Dolandyryş işlerinde bolsa kärhanalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny dogry guramak we ýöretmek wajypdyr. “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda buhgalterçilik hasaba alnyşyny dogry alyp barmak ukybyna eýe bolan, buhgalter hasabynda kärhananyň emläginiň her bir görnüşleri, olaryň hereketi we ulanylyşy barada hasaplary dogry ýöredip biljek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny buhgalter hasabynyň ulgamynda giňden peýdalanyp işläp biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksadyny öňde goýýar.
2. Telekeçilik işinde maddy, material we maliýe serişdelerine zerurlygyň bolşy ýaly zähmet serişdelerine, ýagny işgärlere hem zerurlyk ýüze çykýar. Türkmenistanda telekeçilige aýratyn hem hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek işleri ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Bulara ýurdumyzda telekeçiligi goldamak boýunça kabul edilýän döwlet maksatnamalary we telekeçiligiň döwlet goldawyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary aýdyň şaýatlyk edýär. Telekeçilik işi ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri öndürmäge itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriniň azyndan 75%-niň ýaş raýatlardan ybarat bolmagy bu edara-kärhanalaryň Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary diýlip ykrar edilmegine getirdi. Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary dürli görnüşli döwlet ýeňilliklerinden peýdalanarlar. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda hususy kärhanalaryň ýyl saýyn sanynyň artmagy bilen kärhanalaryň ykdysadyýet, hasabat-buhgalteriýa bölümlerinde täze iş orunlary döreýär. Iş orunlarynyň artmagy bolsa bu ugurda işlejek, döwrebap buhgalterçilik hasaba alnyşyndan, ykdysadyýetden we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar.
3. Orta hünär okuw mekdebinde “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen.
4. “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri boýunça talyplaryň maliýe we ykdysady pudaklarda, bank ulgamy edaralarynda, döwlet edaralarynyň ykdysadyýet we buhgalteriýa bölümlerinde önümçilik tejribeliklerini geçmekleri, hem-de dürli pudaklara işe ýollanylmagy göz öňünde tutulýar.
5. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar.
6. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar.
7. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 32-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär.
8. Mary welaýat Baş bilim müdirligi, Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Mary welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi.