Sanly ykdysadyýet
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde täze“Sanly ykdysadyýet” hünäriniň açylmagynyň
Esaslandyrmasy
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, häzirki zaman döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyyetiniň, dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elekron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda, şäherleriň we obalaryň, arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär. Ähli ýurtlarda sanly ykdysadyýetiň geriminiň giňelmegi, ýurduň ykdysadyýetiniň barha ösmegine getirýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. “Sanly ykdysadyýet” hünäri sanly maglumatlary analiz etmek we çözgüt çykarmak ukybyna eýe bolan, dürli pudaklarda sanly tehnologiýalary işe girizip bilýän, elektron hökümet, elektron söwda we beýleki sanly platformalarda işläp biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksadyny öňde goýýar. Häzirki döwürde bazar ykdysadyýetiniň umumylaşmagy hem-de onda maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde sanly maglumatlaryň peýdalanylmagyna getirýär. Sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy, telekeçiligiň we edara kärhanalaryň çalt depginde ösmegi üçin täze mümkinçilikler açýar we ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna getirýär.
2. Häzirki zaman ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi bilen, üýtgäp durýan zähmet bazarynda döwlet sektorlarynda we hususy sektorlarda hem düýpli özgerşikler ýüze çykýar. Sanly ykdysadyýet diňe bir täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny aňlatman, eýsem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maglumatlar bilen işlemegiň, olary seljermegiň we sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň möhümdigini görkezýär. Bu ýagdaý zähmet bazarynyň üýtgäp durýan şertlerinde döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmekde, döwlet dolandyrylyşynyň öňde baryjy usullaryny ornaşdyrmakda, hem-de täze iş orunlaryny döretmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeligini ýokarlandyrmakda üstünlikli ädimleriň biridir. Sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň barha artmagy fiziki zähmetiň üsti bilen maglumatlary döretmek , gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek we seljermek bilen bagly görnüşleri çalyşmaklyga giňden ýardam berýär.
3. Orta hünär okuw mekdebinde “Sanly ykdysadyýet” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen.
4. “Sanly ykdysadyýet” hünäri boýunça talyplaryň maliýe we ykdysady pudaklarda, bank ulgamy edaralarynda, döwlet edaralarynyň sanlylaşma bölümlerinde, sanly hyzmatlary hödürleýän kärhanalarda önümçilik tejribeliklerini geçmekleri, hem-de dürli pudaklara işe ýollanylmagy göz öňünde tutulýar.
5. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar.
6. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar.
7. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 16-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär.
8. Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Mary welaýat Baş bilim müdirligi, Mary welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän “Datly toprak” hususy kärhanasy.