TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Biz barada


Mary welaýaty maliýe-ykdysady orta hünar okuw mekdebiniň web saýtyna hoş geldiňiz

Türkmenistanda Maliýe-ykdysady ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurdaky hünärmelere islegleriň artmagyny şertlendirdi. Ýokary derejeli hünärmenler toplumynda işlemäge, şu döwrüň ösen talabyna laýyk hyzmat etmekligi oňat işgärlere garaşýarlar. Mary welaýatyndaky Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna degişli okuw mekdebi bolup, ol 2013-nji ýylyň aprel aýynyň 12-ne Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen açyldy.

Bölümçeler we sahypalar

Submenu

Mekdebiň bilim binýady

Mary welaýat Maliýe-Ykdysady orta hünär okuw mekdebiTürkmenistanda Maliýe-ykdysady ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurdaky hünärmelere islegeriň artmagyny şertlendirdi. Ýokary derejeli hünärmenler toplumynda işlemäge, şu döwrüň ösen talabyna laýyk hyzmat etmekligi oňat işgärlere garaşýarlar.Biziň mekdebimiz aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.Hünärmenler alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.2. Maliýe we karz.“Maliýe we karz” hünäriniň talyplary ykdysady we hünär tejribeliklerini geçmek bilen çäklenmän, kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýyllyk işlerini taýýarlaýarlar.3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň talyplary kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýyllyk işlerini taýýarlaýarlar.4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalaryKär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.5. Salgytlar we salgyt salmak.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.6. Bank işlerini programmirlemek.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.

Gatnaşmak
Submenu

Sanly bilim

Sanly bilim

Gatnaşmak
Submenu

Kitaphana

Mary welaýat Maliýe-Ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasynda talyplar we mugallymlar çap edilen we elektron görnüşinde ähli dersler boýunça neşir edilýän okuw we goşmaça edebiýatlardan peýdalanýarlar. Kitaphananyň okalga zalynda edebiýatlary ulanmak we maglumatlary çalt tapmak üçin ýöriteleşdirilen kompýuterli orunlar gurnalan.Kitaphananyň esasy wezipesi - talyplaryň okuw-ylmy çeşmelerini öwrenmek boýunça başarnyklaryny kemala getirmekden, esasan, maglumaty almagy, ony gaýtadan işlemegi, zerur beýanlary öwrenmegi we şol maglumatlary bilim almakda başarjaňlyk bilen ulanmagy oňarmagy öwretmekden ybaratdyr. Kitaphananyň okuwdaky we terbiýeçilik işindäki orny - kitaphananyň köpçülikleýin çärelere, baýramçylyklar üçin ssenariniň, gysga sahnalaryň, goşgularyň, aýdymlaryň, şygarlaryň saýlanyp alynmagyna gatnaşmagy arkaly häsiýetlendirilýär.

Gatnaşmak