TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Slide

Slide

Slide

8289
Kitaplar
7
Hünärler
23+
Mugallymlar
320+
Talyplar
Täzelikler we habarlar

Iň soňky täzelikler

Ählisini görmek
News
26.10.2026
3

Kwest-2026 II

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň iňlis diline bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň döredijilikli we intellektual pikirleniş ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçiriljek “Kwest-2026 II” bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASYI. Umumy düzgünler1.1 Bu bäsleşik talyplaryň arasynda iňlis dilini öwrenmek başarnygyny ösdürmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, toparda işlemek we logiki pikirleniş başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.1.2 Bäsleşik meýletinlik, döredijilik, çalt we takyk pikirleniş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylar.II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri2.1. Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, logiki pikirleniş ukyplaryny ösdürmek we toparlaýyn agzybirlikde işlemek ukyplaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 2.2. Bäsleşigiň esasy wezipeleri:• talyplaryň iňlis dilinde söz baýlygyny, okap düşünmek we logiki ýumuşlary çözmek başarnyklaryny ösdürmek;• tankydy pikirleniş endiklerini kemala getirmek;• talyplaryň arasynda döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmak;• okuw mekdebiniň çägindäki dürli ýerleri ulanyp, gözleg oýunlary arkaly talyplaryň köpçülikleýin işjeňligini ýokarlandyrmak.III. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi3.1 Bäsleşik 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda sagat 14:30-da başlanýar. Bäsleşige her topar boýunça 3 talyp gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Saýlanyp alnan talyplardan 4 sany aýratyn toparlar düzülýär. Gatnaşyjylara KWEST-iň tertibi düşündirilýär. Başlangyç hökmünde toparlara çözmek üçin ýörite ýumuş berilýär. Toparlar berk bellenilen tertipde iňlis dilinde berlen tapmaçalary we logiki soraglary düzüp altyn açary tapmaly. 3.2 Bäsleşigiň ýeňijisi ýumuşlary iňlis dilinde takyk, dogry we iň çalt möhletde çözüp, jemleýji "Altyn açary" ilkinji bolup tapan topar diýlip yglan edilýär. Ýeňiji bolan topar gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanar.

News
21.10.2026
23

Bäsleşige çagyrýarys!

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde we beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, kitaba söýgüsini ösdürmek hem-de okamak medenýetini giňden wagyz etmek maksady bilen "Bookcrossing-kitap bilimiö acary" atly bäsleşik geçirilýär.

Ylmy we döredijilik ýazgylary

Makalalar

Ähli makalalar
Okuw ugurlary we bölümler

Esasy bilim ugurlary

Article

“Açyk gapylar” güninden pursatlar.

Gatnaşmak
Article

Mary welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Gatnaşmak
Article

Talyp durmuşy - Umumy ýaşaýyş jaýy

Gatnaşmak
Article

Sport

Sport

Gatnaşmak
Article

Medeni köpçülikleýin çäreler

Gatnaşmak
Article

Dalaşgärlere

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 2. Maliýe we karz. 3. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy. 4. Sanly ykdysadyýet. 5. Bank işlerini programmirlemek. 6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti – 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly – 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: – bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; – bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); – bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; – soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; – bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; – 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; – okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuw girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: – pasportyny; – harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuw kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgär peýdalanýar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5, tel: 6-92-97, 6-92-73.

Gatnaşmak
Soraglar we maslahat

Okuw we kabul ediş boýunça soragyňyz barmy?

Biz bilen aragatnaşyk bölümi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.