TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
26.10.2026
3

Kwest-2026 II

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň iňlis diline bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň döredijilikli we intellektual pikirleniş ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçiriljek “Kwest-2026 II” bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASYI. Umumy düzgünler1.1 Bu bäsleşik talyplaryň arasynda iňlis dilini öwrenmek başarnygyny ösdürmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, toparda işlemek we logiki pikirleniş başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.1.2 Bäsleşik meýletinlik, döredijilik, çalt we takyk pikirleniş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylar.II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri2.1. Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, logiki pikirleniş ukyplaryny ösdürmek we toparlaýyn agzybirlikde işlemek ukyplaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 2.2. Bäsleşigiň esasy wezipeleri:• talyplaryň iňlis dilinde söz baýlygyny, okap düşünmek we logiki ýumuşlary çözmek başarnyklaryny ösdürmek;• tankydy pikirleniş endiklerini kemala getirmek;• talyplaryň arasynda döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmak;• okuw mekdebiniň çägindäki dürli ýerleri ulanyp, gözleg oýunlary arkaly talyplaryň köpçülikleýin işjeňligini ýokarlandyrmak.III. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi3.1 Bäsleşik 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda sagat 14:30-da başlanýar. Bäsleşige her topar boýunça 3 talyp gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Saýlanyp alnan talyplardan 4 sany aýratyn toparlar düzülýär. Gatnaşyjylara KWEST-iň tertibi düşündirilýär. Başlangyç hökmünde toparlara çözmek üçin ýörite ýumuş berilýär. Toparlar berk bellenilen tertipde iňlis dilinde berlen tapmaçalary we logiki soraglary düzüp altyn açary tapmaly. 3.2 Bäsleşigiň ýeňijisi ýumuşlary iňlis dilinde takyk, dogry we iň çalt möhletde çözüp, jemleýji "Altyn açary" ilkinji bolup tapan topar diýlip yglan edilýär. Ýeňiji bolan topar gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanar.

News
21.10.2026
23

Bäsleşige çagyrýarys!

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde we beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, kitaba söýgüsini ösdürmek hem-de okamak medenýetini giňden wagyz etmek maksady bilen "Bookcrossing-kitap bilimiö acary" atly bäsleşik geçirilýär.

News
14.10.2026
35

Aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary zähmet bazarynyň isleglerine laýyklykda orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem MosIUR the three university missions, World University Rankings 2026, QS World University Rankings, Shanghai Ranking bütindünýä reýting guramalarynyň hasaplamasy esasynda we “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” laýyklykda ýöredilýän reýtingde orta hünär okuw mekdepleriň arasynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi II orna mynasyp bolandygy üçin orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Munuň bilen birlikde “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” esasynda ýerine ýetiren işleri boýunça orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary Meredowa Maral, Hezziýew Orazmyrat, Hydyrow Amangeldi ilkinji ýigrimilige girmegi başardylar. Bu üstünlikler orta hünär oruw mekdebimiziň taryhynda altyn harplar bilen bellenildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
13.10.2026
48

Aýyň mugallymy!

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň I ýarym ýylynyň sentýabr aýynda " Aýyň mugallymy!" atly bäsleşigiň jemleri jemlendi.

News
13.10.2026
40

Aýyň talyby!

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2026-2027-nji okuw ýylyň I yarym ýyllygynyň sentýabr aýy boýunça "Aýyň talyby " bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

News
12.10.2026
27

Onlaýn seminara gatnaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriljek onlaýn maslahatyna gatnaşyldy1. Lukmançylyk maglumat ulgamlarynda kiberhowpsuzlygyň meseleleri we çözgütleri.Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Daňatarowa Mähri.Geçiriljek webinar bilen bagly maglumatlar ticit.edu.tm saýtynda ýerleşdirilen. Webinaryň salgysy:https://us06web.zoom.us/j/81566193291?pwd=lKEohcZ93i3hP0x1LYwOK780V2j8ch.1Identifikator: 815 6619 3291Giriş kody: 205119

News
09.10.2026
39

“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýaşlara wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini, maksadyny, ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdylar. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi