Dalaşgärlere
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Buhgalterçilik
hasaba alnyşy.
2. Maliýe we
karz.
3. Ykdysadyýet we
meýilnamalaşdyryş.
4. Ykdysadyýet we
sanly maglumat tehnologiýalary.
5. Salgytlar we
salgyt salmak.
6. Bank işlerini
programmirlemek.
Maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy
orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik
raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul
edilýär.
Okuwyň möhleti 2
ýyl.
Maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary
Baýramaly şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-nji awgusty aralygynda
kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň
sanawy:
- bellenilen
nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; - bellenilen
nusgadaky sowalnama (anketa); - bilimi baradaky
resminama (asyl nusgasy); - Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen
nusgadaky saglyk kepilnamasy; - soňky okan
ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; - bellenilen nusga
boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; - 3x4 sm ölçegdäki
sekiz sany fotosurat; - işleýänler üçin
zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; - okuw dersleri
boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara
bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol
ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny
tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da,
okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen
birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we
nusgalaryny tabşyrýarlar:
- şahsy
pasportyny; - harby
şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça
harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz
we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny
tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen
maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik
çekýär.
Giriş synaglary we
okuwa kabul edilmek Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde
(Baýramaly ş.) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-si we 26-i günlerinde
geçirilýär.
Giriş synaglary ähli
hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş
derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça
giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň
esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça
giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň
tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler
ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara
goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan
üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin
artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler
peýdalanýarlar.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi,
5, tel.: 6-92-96, 6-92-97.
Bölümçeler we sahypalar
Dalaşgärlere
MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 2. Maliýe we karz. 3. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy. 4. Sanly ykdysadyýet. 5. Bank işlerini programmirlemek. 6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti – 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly – 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: – bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; – bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); – bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; – soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; – bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; – 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; – okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuw girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: – pasportyny; – harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuw kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgär peýdalanýar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5, tel: 6-92-97, 6-92-73.
Gatnaşmak