TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Täzelik • 26 October 2026, 09:07

Kwest-2026 II

Kwest-2026 II

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň iňlis diline bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň döredijilikli we intellektual pikirleniş ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçiriljek “Kwest-2026 II” bäsleşiginiň
 DÜZGÜNNAMASY
I.    Umumy düzgünler

1.1    Bu bäsleşik talyplaryň arasynda iňlis dilini öwrenmek başarnygyny ösdürmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, toparda işlemek we logiki pikirleniş başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

1.2    Bäsleşik meýletinlik, döredijilik, çalt we takyk pikirleniş  ýörelgeleri esasynda amala aşyrylar.

II.    Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
2.1. Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge  bolan höwesini artdyrmak, logiki pikirleniş ukyplaryny ösdürmek  we toparlaýyn agzybirlikde işlemek ukyplaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 
2.2. Bäsleşigiň esasy wezipeleri:
•    talyplaryň iňlis dilinde söz baýlygyny, okap düşünmek we logiki ýumuşlary çözmek başarnyklaryny ösdürmek;
•    tankydy pikirleniş endiklerini kemala getirmek;
•    talyplaryň arasynda  döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
•    okuw mekdebiniň çägindäki dürli ýerleri ulanyp,  gözleg oýunlary arkaly talyplaryň köpçülikleýin işjeňligini ýokarlandyrmak.

III.    Bäsleşigiň geçiriliş tertibi
3.1  Bäsleşik 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda sagat 14:30-da başlanýar. Bäsleşige her topar  boýunça 3 talyp gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Saýlanyp alnan talyplardan 4 sany aýratyn  toparlar düzülýär. Gatnaşyjylara KWEST-iň tertibi düşündirilýär. Başlangyç  hökmünde toparlara çözmek üçin ýörite ýumuş berilýär. Toparlar berk bellenilen tertipde iňlis dilinde berlen tapmaçalary we logiki soraglary düzüp altyn açary tapmaly. 
3.2  Bäsleşigiň ýeňijisi ýumuşlary iňlis dilinde takyk, dogry we iň çalt möhletde çözüp, jemleýji "Altyn açary" ilkinji bolup tapan topar diýlip yglan edilýär. Ýeňiji bolan topar gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanar.