TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
21.02.2026
3

Telekeçiligi ösdürmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyllyk talyplarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň biridir» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlary telekeçilige çekmek, ýaş telekeçileriň döremegini gazanmak, olara başlangyç goldaw bermek, düşünjelerini giňeltmek we bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine “Ak çeşme” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şaher geňeşiniň hünärmeni we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy gatnaşyp, talyplarda telekeçilik düşünjelerini has-da ýokarlandyrdylar. Telekeçilik işiniň ýurdumyzda gülläp ösýändigini hem-de telekeçiler üçin ýeňillikli karzlaryň we salgyt ýeňillikleriniň döredilýändigi barada giňişleýin durup geçildi we birnäçe talyplary okuwyny tamamlanyndan soň “Ak çeşme” hususy kärhanasyna işe çagyrmak bilen talyplaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
19.02.2026
4

SCAFFOLD usulyýeti boýunça hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 19-njy fewralynda orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň gatnaşmagynda SCAFFOLD usulyýeti boýunça hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Hünär kämilleşdiriş okuwynyň dowamynda SCAFFOLD usulyýetiniň esasy ädimleri, ony ulanmagyň ähmiýetleri barada bellenilip geçildi.

News
16.02.2026
2

Sanly ykdysadyýet boýunça olimpiýadanyň jemleri jemlenildi

2026-nji ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Sanly ykdysadyýet dersi boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Mämmäýewa Bägül I orna, Meretgulyýewa Aýjeren II orna we Ýazlyýewa Läle II orna mynasyp boldular. Bäsleşige ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

News
13.02.2026
2

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň fewral aýynyň 13-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň içki meýilnamasyna laýyklykda orta hünär okuw mekdebiniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyp gelin-gyzlarynyň arasynda Orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary watansöýüjilik ugrunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna Baýramaly şäherinden degişli jemgyýetçilik guramalary gatnaşyp, birnäçe täsirli gürrüňleri talyplara ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
12.02.2026
4

Onlaýn maslahata ganlaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda sagat 15:00 da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Azizsalam Bazarowyň çykyş etmeginde "Emeli aňyň sanly ulgamda peýdalanylyşy" atly onlaýn maslahatyna gatnaşyldy.

News
12.02.2026
3

SCAFFOLD usulyýeti boýunça hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 5-nji fewralynda orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň gatnaşmagynda SCAFFOLD usulyýeti boýunça hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Hünär kämilleşdiriş okuwynyň dowamynda SCAFFOLD usulyýetiniň esasy ädimleri, ony ulanmagyň ähmiýetleri barada bellenilip geçildi.

News
11.02.2026
3

Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 15:00 orta hünär okuw mekdebiniň "Jemgyýetçilik ylymlaryň esaslary" dersinden gyzyklanma bildirýän mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda özara söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

News
06.02.2026
3

Startap boýunça webinara gatnaşyldy

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 6-na Startap üçin Cloudflare - Işiňizi çaltlaşdyryň we goraň ady bilen onlaýn webinara gatnaşyldy.