TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
26.04.2025
1

“Open Doors” Day

On April 26, 2025 “Open Doors” day event was held at the financial and economic secondary vocational school of Mary velayat to familiarize students of secondary school in Mary province with the educational institution. On the "Open Doors" day, students of comprehensive secondary schools were given detailed information about the specialties, areas of study, and the exciting life of the secondary vocational school. For prospective applicants tours were organized of the school building, hostel, specialized training and language rooms, and the sports field.

News
26.04.2025
1

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 26-na Mary welaýatynda ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryna okuw jaýyny tanyşdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününde umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryna orta hünär okuw mekdebiniň hünärleri, okuw ugurlary, mekdebiň gyzykly durmuşy barada giňişleýin maglumat berildi. Geljekki dalaşgärler üçin okuw binasyna, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglaryna, sport meýdançasyna hem-de umumy ýaşaýyş jaýyna gezelençler guraldy.

News
21.04.2025
1

“Tapnote” service

On 18-19 April 2025 in the “International year of peace and trust” a competition was held at the State Energy Institute of Turkmenistan, among youth entitled “ICT Strat-up: Innovate technologies for sustainable development”. Maryam Isayevna Jelalova, second year student in the Mary velayat financial and economic secondary vocational school participated to the competition with her project “Tapnote” service – an innovate method advertising of companies, and she won 1st place in the “Service system” category of the competition. The participant expressed sincere words of gratitude and appreciation to Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar for the wide opportunities created for learning and creativity.

News
21.04.2025
1

«Tapnote» проект

18–19 апреля 2025 года в Государственном энергетическом институте Туркменистана в рамках года «Международного мира и доверия» был проведён конкурс среди молодёжи под названием «ICT Start-up: инновационные технологии для устойчивого развития». В данном конкурсе приняла участие студентка 2-го курса Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школы Джелалова Марьям Исаевна с проектом «Tapnote» — инновационный метод продвижения компаний. В рамках направления «Сфера услуг» её проект был удостоен первого места. Участница выразила искренние слова благодарности и признательности Герою Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за созданные широкие возможности для обучения и творчества.

News
21.04.2025
1

“Tapnote” hyzmaty

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” aprel aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jelalowa Marýam Isaýewna “Tapnote” hyzmaty - kompaniýalary mahabatlandyrmagyň innowasion usuly atly taslamasy bilen gatnaşyp, bäsleşigiň “Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça I orna mynasyp boldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdi.

News
19.04.2025
1

A festive event took place

On 19 April 2025, “International year of peace and trust” on the occasion of the National holiday of the Turkmen horse, a festive event was held under the title “Our Motherland is blessed with victories”. The event was held in Mary velayat financial and economic secondary vocational school. In the course of the event, the speakers warmly congratulated the “Galkynysh” National Equestrian games group on their achievements, particularly noting the speed and unique qualities of Akhalteke horses, including their ability to perceive human speech. Afterwards, magnificent songs were performed by the musical group “Bagtyýarlyk joşguny” glorifying the great achievements of our Motherland. At the end of the event, the participants expressed their sincere words of gratitude and appreciation to our Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar.

News
19.04.2025
1

Состоялось праздничное мероприятие

19 апреля 2025 года в Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школе состоялась торжественная встреча, посвящённая к Национальному празднику туркменского скакуна и проходившая в рамках года «Международного мира и доверия». В ходе мероприятия выступающие тепло поздравили коллектив группы конных игр «Галкыныш» с достигнутыми успехами, особо отметив стремительность и уникальные качества ахалтекинских скакунов, в том числе их способность воспринимать человеческую речь. Эти темы нашли широкое отражение в содержании выступлений. Во время мероприятия прозвучали великолепные песни в исполнении музыкального коллектива «Багтыярлык жошгуны», воспевающие великие достижения нашей Родины. В завершение участники выразили искренние слова благодарности и признательности Герою Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару.

News
19.04.2025
1

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” aprel aýynyň 19-na Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Watanymyz ýeňişlere beslenýär” atly dabaraly duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda çykyş edenler “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişini dabaralandyryp türkmen ahalteke atlarynyň ýyndamlygyny we olaryň adam diline düşünmegi barada birnäçe çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

News
14.04.2025
1

“Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy takyk ylmy ugurly dersleriň okadylşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasynyň” çäklerinde Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersinden ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. I. Umumy düzgünler Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Ders bäsleşiginiň maksady: a) Orta mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň bilelikde pikir alyşmalaryny guramak; b) Häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan matematiki meseleleri, tejribeleri derňemäge, döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny ulanmaga ukyply ýaşlary ýüze çykarmak. Ders bäsleşiginiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi: Ders bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. Ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň tertibi - Bäsleşik 2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne sagat 9:00-da Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiriler. - Ders bäsleşigi orta mekdebiň maksatnamalary esasynda “Matematika” dersi boýunça utgaşdyrylan mysallar görnüşinde geçirilýär. - Ders bäsleşigine isleg bildiren gutardyş synp okuwçylary gatnaşyp biler. - Ders bäsleşigine gatnaşjak okuwçylar barada maglumatlary 2025-nji ýylyň 25-nji apreline çenli Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň marymaliyeohomekdep@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. - Gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar umumybilim berýän mekdebiň adyny, belgisini, gatnaşyjynyň adyny, familiýasyny, atasynyň adyny, telefon belgisini görkezmeli. (Goşundyda görkezilen) - Ders bäsleşigi şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. - Ders bäsleşiginde “Matematika” dersiniň bölümlerinden saýlanyp alnan 6 sany mysallar hödürlenilip, ýumuşlary çözmek üçin 120 minut ( 2 sagat ) wagt berler. - Arz-şikaýat, ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözüwi üýtgewsizdir. Ders bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we olary sylaglamagyň tertibi - “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigine gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballaryň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. - Ders bäsleşigine gatnaşyjylaryň 30%-i I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 64 67 63 18, +993 63 61 28 69. Email: marymaliyeohomekdep@gmail.com Goşundy: T/b Gatnaşyjynyň ady, familiýasy Mekdebiň ady, belgisi Telefon belgisi Ýolbaşçy mugallym Bellik 1. 2. 3.

News
14.04.2025
1

“Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça welaýat ders bäsleşigi geçirilýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyny (rejelenen görnüşini) we “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuny durmuşa ornaşdyrmak hem-de talyplaryň “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçiriljek welaýat ders bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY I. UMUMY DÜZGÜNLER Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigini geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär. II. BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça geçiriljek bäsleşigi talyp ýaşlaryň öwrenen bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmeklerine, umumy adamzat jemgyýetiniň döreýşine ösüşine we özgerşine akyl ýetirmelerine, dünýagaraýyşlaryny ösdürmeklige hem-de zehinlerini has-da ösdürmäge gönükdirilendir. III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI - “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigine Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär; - Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolýar; - Bäsleşik Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na sagat 13:00-da bellenilen okuw jaýynda geçirilýär; - Ders bäsleşiginiň netijeleri eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. - Gatnaşyjylara syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär; - Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär; - Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar; - Bäsleşige gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ne çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm, marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly. IV. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER TOPARY Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça ders bäsleşigine eminler topary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülýär. V. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK - Bäsleşigiň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär; - Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar.