Täzelikler we habarlar
Türkmenistanda on bir aýda jemi içerki önüm 6,1 göterim ýokarlandy
Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda alnyp barlan gurluşyklar baradaky hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen we ulanylmaga berlen durmuş, önümçilik maksatly desgalar barada aýdyldy.
In Turkmenistan, the gross domestic product (GDP) increased by 6.1 percent in eleven months.
Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda alnyp barlan gurluşyklar baradaky hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen we ulanylmaga berlen durmuş, önümçilik maksatly desgalar barada aýdyldy.
В Туркменистане валовой внутренний продукт (ВВП) увеличился на 6,1 процента за одиннадцать месяцев.
Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda alnyp barlan gurluşyklar baradaky hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen we ulanylmaga berlen durmuş, önümçilik maksatly desgalar barada aýdyldy.
Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.Şu gün geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy.Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen foruma saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olara sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri goşuldylar. Bularyň hemmesi lukmançylyk diplomatiýasynyň ýokary kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly halklaryň hem-de döwletleriň arasyndaky ýeke-täk maksada — adam ömrüni bilelikde halas etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamaga we dikeltmäge ýardam etmek maksadyna hyzmat edýändiginiň subutnamasydyr.Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly: “Biz uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri, ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny döretdik. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlary dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrdyk”.Forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge, ýurdumyzyň baş baýlygyny artdyrmaga — adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bir toparyny sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna we Kararyna hem-de beren tabşyrygyna laýyklykda, olar döwlet sylaglary we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 13-nji jildi gowşuryldy.Türkmen lukmanlaryny sanly ulgam arkaly olaryň daşary ýurtly kärdeşleri hünär baýramçylygy bilen gutlap, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine kybap gelýän Garaşsyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň Baştutanynyň beýan eden hem-de häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri barada barýar.Maslahata gatnaşyjylar däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň netijelidigini belläp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň gowy tejribelerini we täze işlerini nazara almak bilen, ony has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Soňky ýyllarda tejribe alyşmak, ýokary hünär derejeli işgärlere bilim bermek we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça ýola goýlan özara gatnaşyklar adamlaryň saglygyny goramagyň ählumumy wezipelerini çözmäge uly goşant bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak, dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.Maslahatyň dowamynda adamyň saglygyny goramagyň — öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini we şypahanalary gurmagyň, ekologiýa wezipelerini çözmegiň, köpçülikleýin sport hereketini hem-de işjeň dynç alyş düzümini ösdürmegiň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň kesgitleýji şertleriň birnäçesini öz içine alýan köptaraplaýyn ulgamdygy bellenildi.Ýurdumyzyň degişli ugurlarda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) hem-de beýleki düzümleriniň giňden ykrar etmegine mynasyp boldy.Häzir ýurdumyzda BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Käbir howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi hakynda halkara güwänamalar hem-de biziň ýurdumyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşýan uly goşandy üçin BSGG-niň güwänamasy ilatyň saglygyny goramak işinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.Forumyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Şol syýasat ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini hem-de görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar, ulgamyň kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen klinikalar, lukmançylyk-senagat kärhanalary, döwrebap sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Şolarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi.Çykyşlarda Ýewropanyň we Aziýanyň esasy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň we tejribe alşylmagynyň türkmen lukmanlaryna köp keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge uly üns berilýär, munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hökmany şerti bolup durýar. Halkara bilim gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemäge hyzmat edýär. Bu özygtyýarly Türkmenistanyň ösüşiniň täze taryhy döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.Durmuş taýdan ähmiýetli sportuň ösdürilmegi hem milli Liderimiziň alyp barýan, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, zähmeti we dynç almagy sazlaşykly utgaşdyrmak bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm tapgyrydyr.Jemgyýetiň sagdynlygynyň, ösüp gelýän nesli beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösdürmegiň esasyny düzýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyzda köp sanly sport desgalary guruldy hem-de bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenildi.Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi, munuň özi Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna kybap gelýän sport ulgamynyň kemala gelendigini görkezýär.2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem-de 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi we agyr atletika boýunça dünýä çempionaty iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrdy.BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi dünýä sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu waka ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasyny dünýä bileleşiginiň biragyzdan goldamagynyň ýene bir tassyknamasyna öwrüldi.Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň çäklerinde, ata Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzyň gatnaşmagy şu ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň sportunyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek Olimpiadanyň kümüş medaly gazanyldy.Halkara foruma gatnaşyjylar ýurdumyzda häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça geçirilýän giň gerimli işlere ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerip, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň özeni bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesi boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelejekdigine ynam bildirdiler.Halkara ylmy maslahatyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde dowam etdi. Şolarda geçirilen bölümçeler boýunça maslahatlaryň mowzuklary “Ýokanç keseller”, “Ýokanç däl keseller”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Hirurgiýa keselleri”, “Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa” diýlip atlandyryldy.Şu gün dürli ugurlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda-da geçirildi.https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/57736/turkmenistanda-saglygy-gorayys-we-derman-senagaty-isgarlerinin-guni-bellenildi
В Туркменистане отмечен День работников здравоохранения и медицинской промышленности
Сегодня в Туркменистане состоялись праздничные торжества по случаю Дня работников здравоохранения и медицинской промышленности.Одним из главных мероприятий, предоставивших замечательную возможность для ознакомления широкой общественности с весомыми достижениями отечественного здравоохранения и дальнейшего наведения мостов сотрудничества с зарубежными партнёрами, стала состоявшаяся сегодня Международная научная конференция «Здравоохранение, образование и спорт в эпоху могущества и счастья».К участию в пленарном заседании форума, проведённом в гибридном формате в конференц-зале Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева, были приглашены руководители и работники системы здравоохранения, преподаватели и студенты вуза.Посредством видеоконференцсвязи к ним присоединились именитые учёные-профессора, доктора наук, высокопоставленные представители сфер охраны здоровья, образования и спорта из ряда зарубежных стран, в том числе России, Германии, Франции, Румынии и др.Всё это – свидетельство того, что медицинская дипломатия посредством высоких коммуникационных технологий стирает границы между народами и государствами, служа одной заветной цели – сообща спасать человеческие жизни, помогать сохранять и восстанавливать здоровье людей.С большим воодушевлением участники конференции заслушали направленное им приветственное Обращение Президента Туркменистана.Как отметил в своём поздравительном послании лидер нации, «успешно реализуя рассчитанные на долгосрочную перспективу масштабные преобразования и проведя большую работу, мы создали прочную базу национального здравоохранения, образования и спорта нашего независимого государства. Мы сумели их модернизировать и привести в соответствие международным стандартам, поэтапно внедряя передовой опыт, достижения науки и технологий, наращивая сотрудничество с государствами мира и ведущими международными организациями».Деловую часть форума предварила торжественная церемония чествования отличившихся работников системы здравоохранения и медицинской промышленности, внёсших весомый личный вклад в превращение Туркменистана в страну здоровья и высокого духа, приумножение главного богатства страны – обеспечение здоровья людей. В соответствии с Указом и Постановлением и по поручению Президента Гурбангулы Бердымухамедова им были вручены государственные награды и памятные знаки, а также всем участникам конференции – XIII том фундаментального труда главы государства «Лекарственные растения Туркменистана».Туркменских медиков с профессиональным праздником поздравили по прямой видеосвязи их коллеги из ближнего и дальнего зарубежья, которые высоко оценили достижения здравоохранения суверенного Туркменистана, отвечающего стандартам Всемирной организации здравоохранения, а также выдвигаемые лидером нации Гурбангулы Бердымухамедовым важные международные инициативы. Речь в первую очередь идёт о новых подходах к развитию международного сотрудничества в сфере здравоохранения, озвученных недавно главой Туркменистана на 76-й сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций и направленных на объединение усилий в выработке консолидированных, взаимосогласованных ответов на глобальные вызовы современности.Отметив продуктивность традиционного многолетнего сотрудничества, участники форума обсудили перспективы его дальнейшего расширения с учётом взятого Туркменистаном курса на всестороннее развитие и модернизацию национальной системы здравоохранения, в том числе за счёт внедрения лучших практик и новейших разработок мировой медицины.Как отмечалось, налаженное за последние годы тесное взаимодействие по обмену опытом, обучению и подготовке высококвалифицированных кадров является общим весомым вкладом в решение глобальных задач охраны здоровья людей. В этом отношении приоритетами многолетнего продуктивного партнёрства остаются реализация совместных проектов и программ, внедрение новейших технологий и оборудования, передовых методик диагностирования и лечения различных заболеваний.Как подчёркивалось в прозвучавших в ходе конференции докладах, охрана здоровья людей – это всеохватная система, включающая ряд определяющих факторов: строительство суперсовременных медицинских центров и санаториев, оснащённых передовым оборудованием, решение экологических задач, развитие массового спортивного движения и инфраструктуры активного отдыха, а также утверждение в обществе принципов здорового образа жизни.Позитивный опыт, накопленный нашей страной в этих направлениях, получил широкое признание мирового сообщества и ведущих международных организаций, в том числе ООН и её крупнейших структур – Всемирной организации здравоохранения (ВОЗ), Детского фонда ООН (ЮНИСЕФ) и других, с которыми Туркменистан активно и плодотворно сотрудничает все эти годы.Так, сегодня в стране успешно реализуются программы, разработанные в соответствии с рекомендациями ВОЗ и с учётом национального законодательства. Признанием успехов Туркменистана в деле укрепления здоровья населения, в профилактике и ликвидации болезней являются международные сертификаты об элиминации ряда опасных инфекционных заболеваний, в том числе дракункулёза, полиомиелита, малярии, кори и краснухи, а также Сертификат ВОЗ за выдающийся вклад нашей страны в профилактику неинфекционных заболеваний.В рамках форума были освещены конкретные достижения в реализации государственной политики Президента Гурбангулы Бердымухамедова в сфере здравоохранения, нацеленной на неуклонное укрепление материально-технической базы отрасли, повышение качества и ассортимента оказываемых населению медицинских услуг.В эпоху могущества и счастья в стране осуществляется колоссальная работа по претворению в жизнь задач, предусмотренных в Государственной программе «Saglyk», укрепляется законодательная база отрасли.В столице – Ашхабаде и велаятских центрах построены и введены в эксплуатацию оснащённые передовыми инновационными технологиями медицинские центры, не имеющие аналогов в Центральноазиатском регионе, санатории, специализированные клиники, предприятия медицинской промышленности, современные спортивные комплексы, где созданы все условия для занятий различными видами спорта.Как отмечалось в прозвучавших докладах, налаженные регулярные контакты и обмен опытом с ведущими специалистами Европы и Азии позволяют туркменским медикам брать на вооружение самые эффективные методики профилактики, диагностики и лечения многих заболеваний.Наряду с этим большое внимание уделяется развитию медицинской науки, что является непременным условием повышения качества практической медицины, профессиональной подготовки молодых специалистов, повышения их квалификации.Как отмечалось, воспитанию эрудированного, всесторонне развитого подрастающего поколения служит и активизация международных образовательных связей, которая выступает важнейшим приоритетом государственной политики на новом историческом витке развития суверенного Туркменистана.Ключевым вектором проводимой туркменским лидером политики, суть которой в полной мере отражает девиз «Государство – для человека!», выступает также развитие такой социально значимой сферы, как спорт. Важнейшими векторами проводимой в этом направлении работы являются активизация массового физкультурно-оздоровительного движения, утверждение приниципов ЗОЖ, гармоничное сочетание труда и отдыха.В рамках масштабных реформ, ставших важной составляющей здоровья общества, гармоничного физического и духовного развития подрастающего поколения, по всей стране построены и капитально реконструированы многочисленные спортивные сооружения.Гордостью туркменистанцев является уникальный Олимпийский городок, само появление которого говорит о формировании национальной спортивной системы, отвечающей требованиям Международного олимпийского комитета.Авторитет нашей страны как государства, способного на высоком уровне проводить крупные спортивные состязания, ещё более укрепили успешно проведённые в Ашхабаде в 2017 году V Азиатские игры в закрытых помещениях и по боевым искусствам, а также состоявшиеся в 2018 году Международное авторалли «Амуль–Хазар» и Чемпионат мира по тяжёлой атлетике.Красноречивым свидетельством высокой оценки достижений современного Туркменистана, добившегося весомых успехов на мировой спортивной арене, является принятие Генеральной Ассамблеей ООН специальной Резолюции о ежегодном праздновании 3 июня Всемирного дня велосипеда. Это стало ещё одним подтверждением единодушной поддержки мировым сообществом спортивной дипломатии, проводимой Президентом Гурбангулы Бердымухамедовым в интересах глобального прогресса, мира и процветания.В Туркменистане, по праву признанном страной здоровья и высокого духа, в рамках государственной поддержки физкультурно-оздоровительного движения и спорта высших достижений формируется новое поколение талантливой молодёжи, вносящей свой достойный вклад в укрепление спортивного имиджа Отчизны. Так, одним из знаменательных событий нынешнего года стало участие национальной сборной в проходивших в Токио (Япония) ХХХII летних Олимпийских играх, где впервые в современной истории отечественного спорта была завоёвана олимпийская серебряная медаль.Высоко оценив проводимую в стране масштабную работу по созданию совершенной, адаптивной к современным условиям системы здравоохранения, участники международного форума выразили уверенность, что неуклонно следуя избранным курсом, Туркменистан займёт лидирующие позиции в мире по уровню развития охраны здоровья, являющегося ключом к счастью и благополучию народа.Далее работа международной научной конференции продолжилась в пяти секциях, проведённых в крупнейших учреждениях Министерства здравоохранения и медицинской промышленности – Госпитале с научно-клиническим центром кардиологии, Управлении центров инфекционных болезней, Научно-клиническом центре охраны здоровья матери и ребёнка, Доме здоровья № 11 города Ашхабад, Центре общественного здоровья и питания.Темы состоявшихся здесь дискуссий – «Инфекционные заболевания»; «Неинфекционные заболевания»; «Охрана здоровья матери и ребёнка», «Хирургические заболевания», «Общественное здоровье и эпидемиология».В этот же день научно-практические конференции, посвящённые достижениям отечественного здравоохранения в различных областях, были организованы также в учреждениях здравоохранения во всех велаятах страны.https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/57730/v-turkmenistane-otmechen-den-rabotnikov-zdravoohraneniya-i-medicinskoj-promyshlennosti
Turkmenistan Celebrates the Day of Healthcare Workers and Medical Industry
Festive celebrations were held in Turkmenistan today on the occasion of the Day of Healthcare Workers and the Medical Industry.One of the main events that provided a wonderful opportunity to familiarize the general public with the significant achievements of domestic healthcare and further building bridges of cooperation with foreign partners was the International Scientific Conference “Healthcare, Education and Sports in the Era of Power and Happiness”, held today.Heads and employees of the healthcare system, teachers and students of the university were invited to participate in the plenary session of the forum, held in a hybrid format in the conference hall of the Myrat Garryev State Medical University of Turkmenistan.Eminent scientists-professors, doctors of sciences, high-ranking representatives of the fields of health, education and sports from a number of foreign countries, including Russia, Germany, France, Romania joined them through videoconferencing.The business part of the forum was preceded by a solemn ceremony honoring distinguished employees of the healthcare system and the medical industry, who made a significant personal contribution to the transformation of Turkmenistan into a country of health and high spirit, multiplying the main wealth of the country – ensuring people’s health. In accordance with the Decree and Resolution and on behalf of President Gurbanguly Berdimuhamedov, they were bestowed state awards and commemorative badges, as well as all participants of the conference – the 13th volume of the fundamental work of the head of state “Medicinal plants of Turkmenistan”.Turkmen doctors were congratulated on their professional holiday by their colleagues from near and far abroad via direct video link, who highly appreciated the achievements of the healthcare of sovereign Turkmenistan that meets the standards of the World Health Organization, as well as important international initiatives put forward by the leader of the nation Gurbanguly Berdimuhamedov. First of all, we are talking about new approaches to the development of international cooperation in the field of healthcare, recently announced by the head of Turkmenistan at the 76th session of the United Nations General Assembly and aimed at combining efforts in developing consolidated, mutually agreed responses to the global challenges of our time.The forum highlighted concrete achievements in the implementation of the state policy of President Gurbanguly Berdimuhamedov in the field of healthcare, aimed at steadily strengthening the material and technical base of the industry, improving the quality and range of medical services provided to the population.Highly appreciating the large-scale work carried out in the country to create a perfect, adaptive to modern conditions health system, the participants of the international forum expressed confidence that steadily following the chosen course, Turkmenistan will take a leading position in the world in terms of the level of development of health protection, which is the key to the happiness and well-being of the people.Further, the work of the international scientific conference continued in five sections held in the largest institutions of the Ministry of Health and Medical Industry – the Hospital with the Scientific and Clinical Center of Cardiology, the Department of Centers for Infectious Diseases, the Ashgabat city Scientific and Clinical Center for Maternal and Child Health, the Health House #11, the Center for Public Health and Nutrition.The topics of the discussions held here are Infectious Diseases; Non-Communicable Diseases; Maternal and Child Health, Surgical Diseases, Public Health and Epidemiology.On the same day, scientific and practical conferences dedicated to the achievements of domestic healthcare in various fields were also organized in healthcare institutions in all the velayats of the country.https://turkmenistan.gov.tm/en/post/57755/turkmenistan-celebrates-day-healthcare-workers-and-medical-industry
Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir
Sagdyn ruhly sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin ýurt Baştutanymyz ähli şertleri döredýär. Bu ugurda mekdebimizde zyýanly endiklere garşy göreşmek barada duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri hem yzygiderli her aýda geçirilýär. Geçirilen maslahatda hem bellenilişi ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işler özüniň miwesini berýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly beýleki zyýanly endikleriň iň az ýaýran döwletleriň hatarynda tanalýar.Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda temmäki ýaly ynsan saglygyna zyýanly täsir edýän närselere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda şypahanalar, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly saglyk merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde ýaramaz endiklere garşy durmagyň has oňaýly ýoly hökmünde sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri saýlanyp alyndy. Bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz başarnyklaryny artdyrmaga we zyýanly endiklerden daşda durmaga mümkinçilik berýär. Mekdebimiziň talyplary sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary hem ýaş nesillere dogry ýoly saýlap almakda uly görelde bolýar—diýip, belläp geçildi. Maslahatyň dowamynda zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmekden başga-da, onuň maşgala abadançylygyna hem ýaramaz täsir edýändigi hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, dogry iýmitlenmek barada hem gürrüň edilip, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy.Maslahatda hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda diňe bir beden saglygyna däl, eýsem, ruhy sagdynlyga-da uly orun berilýändigi barada aýdylyp geçildi. Hormatly Arkadagymyzyň ýaşlar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirýäris!
Здоровый образ жизни - залог счастья
Президент создает все условия для формирования здорового общества со здоровым духом. В связи с этим в нашей школе ежемесячно проводятся встречи и пропагандистские мероприятия, направленные на борьбу с вредными привычками. Как отмечалось на встрече, проводимая работа по обеспечению здорового образа жизни на нашей дорогой Родине принесла свои плоды. Благодаря усилиями уважаемого президента сегодня Туркменистан известен своими беспрецедентными усилиями по сокращению таких вредных привычек, как курение и наркомания.Под руководством нашего героя Аркадага идет бескомпромиссная борьба с вещами, губительно влияющими на здоровье человека, такими как табак. В нашей стране строятся и сдаются в эксплуатацию санатории, многочисленные оздоровительные центры, оснащенные современным оборудованием, спортивные комплексы. В настоящее время спорт и здоровый образ жизни выбраны в туркменском обществе как лучший способ борьбы с вредными привычками. Сильный упор на физическое воспитание и спорт позволяет нашей молодежи заниматься различными видами спорта, чтобы улучшить свои навыки и избежать вредных привычек. То, что ученики нашей школы успешно выступали на спортивных соревнованиях и завоевали множество призов, - это тоже верный путь для подрастающего поколения. В ходе встречи, помимо объяснения вредного воздействия вредных привычек на здоровье человека, было также сказано, что они пагубно сказываются на благополучии семьи. Кроме того, обсуждались вопросы правильного питания и проводимая в этом направлении работа.На маслахате было отмечено, что в книгах нашего уважаемого Президента большое значение придается не только физическому, но и душевному здоровью. Мы благодарим уважаемого Аркадага за заботу о молодежи.
Healthy lifestyle - the key to happiness
The President creates all conditions for the formation of a healthy society with a healthy spirit. In this regard, our school hosts monthly meetings and outreach activities aimed at combating bad habits. As noted at the meeting, the ongoing work to ensure a healthy lifestyle in our dear Homeland has borne fruit. Thanks to the efforts of the distinguished president, Turkmenistan is today known for its unprecedented efforts to reduce harmful practices such as smoking and drug addiction.Under the leadership of our hero Arkadag, there is an uncompromising fight against things that have a detrimental effect on human health, such as tobacco. In our country, sanatoriums, numerous health centers equipped with modern equipment, and sports complexes are being built and put into operation. Currently, sports and a healthy lifestyle are chosen in the Turkmen society as the best way to combat bad habits. A strong focus on physical education and sports allows our young people to engage in a variety of sports to improve their skills and avoid bad habits. The fact that the students of our school successfully performed at sports competitions and won many prizes is also a sure path for the younger generation. During the meeting, in addition to explaining the harmful effects of bad habits on human health, it was also said that they adversely affect the well-being of the family. In addition, the issues of proper nutrition and the work carried out in this direction were discussed.At the maslahat, it was noted that in the books of our esteemed President, great importance is attached not only to physical, but also to mental health. We thank the esteemed Arkadag for taking care of the youth.