TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
Täzelik • 09 October 2023, 09:00

“Aýyň talyby”

“Aýyň talyby”
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda talyplary okuwa höweslendirmek maksady bilen Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Aýyň talyby” atly bäsleşigi jemlemek dabarasy boldy. Bäsleşik talyplaryň sapaga ýetişigi, jemgyýetçilik we döwlet derejesindäki çärelere gatnaşygy, okuw jaýynyň içerki tertip-düzgünlerini berjaý edişi ýaly görkezijileri esasynda geçirildi. Bäsleşigiň netijesinde orta hünär okuw mekdebiniň “Maliýe we karz” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Annagurbanow Orazgeldi “Aýyň talyby”  adyna mynasyp boldy, hormat haty we tapawutlandyryş  nyşany bilen sylaglandy.