Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýyuna bagyşlanan aýdym-sazly çäre geçirildi
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhun dabara bilen garşylanýar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre bellenilip geçildi we ýazgy edildi. Bu dabaraly çärede orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary öz ýürek buýsançlaryny aýdymdyr sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Orta hünär okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” atly aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän aýdymlara çäräniň dowamynda aýratyn orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdyp, bütin türkmen halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi