TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
22.07.2025
1

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilşigiň gözegçiligi üçin platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berdiler. Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edilşik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy döredildi. Bu çeşme arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebindäki her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilerler. «Platforma dalaşgärlere öz bilim derejesini we okuwa girmek mümkinçiligini seljerip, hünär we ýokary okuw mekdebi saýlanyňda esasly karara gelmäge, resminamalaryň tabşyrylma depginini hakyky wagt düzgüninde yzarlamaga ýardam berer» - diýip, ministrlikde belläp geçdiler. Bu maglumat ulgamynyň döredilmegi okuwa kabul edişligiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmek, ýaşlara geljekki hünärini saýlamagynda düşünjeli goldaw bermek, bilim ulgamynda açyk maglumat gurşawyny emele getirmek maksadyna gönükdirilendir. Çeşmesi: Turkmenportal Şeýle hem okaň: orient.tm

News
19.07.2025
1

Talyplary tomusky dynç alyşa ibermek

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 19-njy iýulynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde tassyklanan okuw meýilnama laýyklykda talyplary tomusky dynç alyşa guramaçylykly ibermek hem-de olaryň dynç alyş döwründe tertip-düzgünleri berjaý etmekleri boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyplara köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmeklik tabşyryldy. Hususanda, ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtamak bilen asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr, diýlip bellenilip geçildi. Şeýle hem sosial torlardan peýdalanmagyň tertibi barada aýdylyp geçildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

News
19.07.2025
1

Sending students on summer vacation

On July 19, 2025, the "Year of International Peace and Trust", an educational and explanatory meeting was held at the Mary velayat financial and economic secondary vocational school to organize the summer vacation of students in accordance with the approved curriculum and to ensure their compliance with the order and rules during the vacation period. During the meeting, students were instructed to strictly follow traffic rules. In particular, it was emphasized that it is important for pedestrians and drivers to fully observe the culture of behavior on the roads, and it was emphasized that the happy life of people in our homeland, a place of peace and prosperity, is a priority of state policy. The procedure for using social networks was also said. At the end of the event, participants expressed their gratitude and appreciation to our Hero Arkadag, and our Arkadagly Hero Serdar.

News
19.07.2025
1

Отправка студентов на летние каникулы

19 июля 2025 года – «Года международного мира и доверия» – в Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школа состоялось воспитательно-разъяснительное мероприятии по организации летнего отдыха учащихся в соответствии с утвержденным учебным планом и соблюдению ими порядка и правил в каникулярный период. В ходе мероприятии студентам было поручено строго соблюдать правила дорожного движения. В частности, было подчеркнуто, что важно в полной мере соблюдать культуру поведения на дорогах как пешеходам, так и водителям, а также особо отмечено, что счастливая жизнь людей на нашей Родине, где царят мир и процветание, является приоритетом государственной политики. Также был изложен порядок использования социальных сетей. В завершение мероприятии участники выразили свою благодарность и признательность нашему Герою-Аркадагу и нашему Аркадаглы Герою Сердару.

News
14.07.2025
1

Dalaşgärlere

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2025/2026-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 2. Maliýe we karz. 3. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy. 4. Sanly ykdysadyýet. 5. Bank işlerini programmirlemek. 6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 2025-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; —okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; —harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5, tel.: 6-92-97, 6-92-73. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

News
14.07.2025
1

Для абитуриентов

ФИНАНСОВО-ЭКОНОМИЧЕСКАЯ СРЕДНЯЯ ПРОФЕССИОНАЛЬНАЯ ШКОЛА МАРЫЙСКОГО ВЕЛАЯТА объявляет приём в число студентов на 2025/2026- учебный год по следующим специальностям: 1. Бухгалтерский учёт и аудит. 2. Финансы и кредит. 3. Экономика и бухгалтерский учёт. 4. Цифровая экономика. 5. Программирование банковских операций. 6. Экономика и цифровые информационные технологии. 7. Экономика и хозяйственное право. В финансово-экономическую школу принимаются граждане Туркменистана не старше 35 лет, проживающие в Марыйском велаяте, имеющие образование не ниже общего среднего, по результатам вступительных экзаменов на конкурсной основе. Срок обучения 2 года. Обучение в финансово-экономической школе осуществляется на платной основе. Приём документов осуществляется в г. Байрамали Марыйского велаята с 15 июля по 19 августа 2025 года. Перечень документов: - заявление на имя директора по установленной форме; - анкета по установленной форме; - документ об образовании (подлинник); - медицинская справка по форме, установленной Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана; - характеристика с последнего места учёбы (работы, воинской части); - обязательство о своевременной оплате за учёбу по образцу; - восемь фотографий размером 3x4 см; - заверенная копия трудовой книжки для работающих; - победители государственной олимпиады школьников, члены сборных команд Туркменистана, участвовавших в международных олимпиадах по учебным предметам сдают подлинник соответствующих документов, подтверждающих данные основания. Кроме того, поступающие вместе с вышеуказанными документами предъявляют и сдают в приёмную комиссию копии следующих документов: - паспорт; - военный билет или свидетельство о постановке на воинский учёт Абитуриент может предоставить другие документы, которые подтверждают его внеконкурсное и (или) преимущественное право при зачислении в число студентов. За неправильно предоставленную информацию и недостоверные документы абитуриент несёт персональную ответственность. Вступительные экзамены и зачисление осуществляются в Финансово-экономической средней профессиональной школе Марыйского велаята (г.Байрамали) 22-23, 25 и 26 августа 2025 года. Вступительные экзамены по всем специальностям проводятся по математике, истории Туркменистана, обществоведению. Вступительные экзамены по учебным предметам проводятся на основе учебных программ для средних школ Туркменистана. Вступительные экзамены по учебным предметам проводятся устно на государственном языке. Лица, не явившиeся без уважительных причин на экзамен в назначенное по расписанию время или не сдавшие экзамен по одному из предметов, к по-следующим экзаменам не допускаются. Вне конкурса и преимущественным правом при зачислении в число студентов при условии успешного прохождения вступительных экзаменов пользуются абитуриенты согласно положениям, установленным Законом Туркменистана «Об образовании» (новая редакция). Адрес Финансово-экономической средней профессиональной школы Марыйского велаята: Марыйский велаят, г. Байрамали, ул. Райдашлык, 5; тел.: 6-92-97, 6-92-73. Источник: Министерство образования Туркменистана

News
14.07.2025
1

For candidates

MARY VELAYAT FINANCIAL AND ECONOMIC SECONDARY VOCATIONAL SCHOOL announces admission to students for the 2025/2026 academic year in the following specialties: 1. Accounting and auditing. 2. Finance and credit. 3. Economics and accounting. 4. Digital economy. 5. Programming of banking operations. 6. Economy and digital information technologies. 7. Economics and business law. Citizens of Turkmenistan under 35 years of age, residing in the Mary velayat, with at least a general secondary education, are admitted to the school of financial and economics based on the results of entrance examinations on a competitive basis. The duration of study is 2 years. Education at the school of financial and economics is provided on a fee-paying basis. Documents will be accepted in the city of Bayramali, Mary velayat, from July 15 to August 19, 2025. List of documents: - an application addressed to the director in the established form; - questionnaire in the established form - educational document (original) - medical certificate in the form established by the Ministry of Health and Medical Industry of Turkmenistan - characteristics from the last place of study (work, military unit) - commitment to timely payment for tuition according to the sample - eight photographs measuring 3x4 cm - certified copy of work book for employees - winners of the state school olympiad, members of the national teams of Turkmenistan who participated in international olympiads in academic subjects submit originals of the relevant documents confirming these grounds. In addition, applicants, along with the above documents, must present and submit to the admissions committee copies of the following documents: - passport - military ID or certificate of registration for military service An applicant may provide other documents that confirm his/her non-competitive and/or preferential right to be enrolled as a student. The applicant bears personal responsibility for incorrectly provided information and inaccurate documents. Entrance examinations and enrollment will be held at the financial and economic secondary vocational school of Mary velayat (Bayramali city) on August 22-23, 25 and 26, 2025. Entrance examinations for all specialties are held in mathematics, history of Turkmenistan, and social science. Entrance examinations in academic subjects are conducted on the basis of the curricula for secondary schools in Turkmenistan. Entrance examinations in academic subjects are conducted orally in the state language. Persons who fail to appear for the exam at the scheduled time without good reason or who fail the exam in one of the subjects will not be allowed to take subsequent exams. Applicants enjoy non-competitive and preferential rights to be admitted to the number of students, subject to successful completion of entrance examinations, in accordance with the provisions established by the Law of Turkmenistan "On Education" (new edition). Address of the financial and economic secondary vocational school of Mary velayat: Mary velayat, Bayramali city, Raidashlyk street, 5; tel.: 6-92-97, 6-92-73; Source: Ministry of Education of Turkmenistan

News
12.07.2025
1

Ykdysady tejribelik netijeli dowam edýär

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyplary nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmak, şeýle hem tejribelikde berkitmek maksady bilen 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 15-den iýul aýynyň 19-y aralygynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän ykdysady ulgama degişi bolan maliýe we ykdysadyýet pudaklarynda, salgyt gulluklarynda, bank ulgamlarynda “Ykdysady tejribeliklerini” dowam edýärler. Talyplar tejribeligiň dowamynda alan bilimlerini amal edip, ukyp başarnyklaryna laýyklykda, geljekde hünäri boýunça zähmet bazarynda öz ornuny tapmaga ýeňillikleri döretýärler. Ykdysady ulgama degişli pudaklaryň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak geljekki ýaş hünärmenleriň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

News
12.07.2025
1

Economic practices continue to be effective

First-year students of the Mary velayat financial and economic secondary vocational school are continuing their "Economic practice" in order to combine their theoretical knowledge with production, as well as to consolidate it in practice. From June 15 to July 19, 2025, they continue their "Economic practice" in the financial and economic sectors, tax services, and banking sectors, which are related to the economic system located in Mary velayat. Students apply the knowledge they have acquired during their practice and, according to their skills, create opportunities to find their place in the labor market by their profession in the future. Developing the functioning of sectors of the economic system and introducing a digital economy are the main tasks of future young professionals. We would like to express our sincere gratitude to our National Leader and our Arkadagly Serdar for their unprecedented efforts to train highly qualified specialists, for their constant care for the younger generation, as well as for the opportunities they create for them. May our Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar be healthy and live long, and may the great deeds they do for the benefit of the country and the state always be crowned with success!

News
12.07.2025
1

Экономическая практика продолжает оставаться эффективной

В целях объединения полученных теоретических знаний с производством, а также закрепления их на практике, студенты первого курса Марыйской финансово-экономической средней профессиональной школы, с 15 июня по 19 июля 2025 года продолжают проходить «Экономическую практику» в финансово-экономической сфере, налоговой службе и банковском секторе экономической системы Марыйского велаята. Применяя полученные знания и навыки на практике, студенты создают возможности для трудоустройства по специальности в соответствии со своими способностями и умениями. Совершенствование работы отраслей, связанных с экономической системой, и внедрение цифровой экономики – основные задачи будущих молодых специалистов. Выражаем искреннюю благодарность Национальному Лидеру и нашему Аркадаглы Сердару за их беспрецедентные усилия по подготовке высококлассных специалистов, постоянную заботу о подрастающем поколении и создаваемые ими возможности. Желаем нашему Герою Аркадагу и нашему Герою Аркадаглы Сердару крепкое здоровье и долгих лет жизни. Псть их великий труд на благо страны и государства всегда увенчивается успехом!