TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
05.07.2025
1

Ders bäsleşiginde gazanan üstünligimiz

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” talyplaryň ylma, bilime bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary hem gatnaşyp, birnäçe baýrakly orunlary eýelediler. Esasanda orta hünär okuw mekdebimiziň ýöriteleşen ugry bolan Sanly ykdysadyýet dersi boýunça gowy netijeler gazanyldy. Şeýle-de ders bäsleşiginiň beýleki ugurlary boýunça hem birnäçe orunlar eýelendi. Baýrakly orunlary eýelän talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
05.07.2025
1

Our success in the subject competition

In 2025 "International Year of Peace and Trust", a State competition in subjects was held among students of the secondary vocational schools of Turkmenistan. This competition was held with the aim of increasing students' enthusiasm for science and education, and identifying talented young people. Students from our secondary vocational school also participated in this competition and won several prizes. Good results were achieved, especially in the Digital Economy subject, which is a specialized field of study at our secondary vocational school. Several places were also won in other disciplines of the competition. The students who won prizes were awarded valuable gifts by the Youth Organization of Turkmenistan named after Magtymguly of Bayramali City Council. Words of gratitude and appreciation were expressed to our Hero Arkadag, our Arkadagly Serdar, who provides ample opportunities for reading and creation. Mary velayat financial and economic secondary vocational school

News
05.07.2025
1

Наш успех в предметном конкурсе

В год «Международного мира и доверия» 2025, среди учащихся средних профессиональных учебных школ Туркменистана был проведен государственная олимпиада по учебным предметам с целью повышения интереса учащихся к науке и образованию, выявления талантливой молодежи. Учащиеся нашей средней профессиональной школы также приняли участие на этой олимпиаде и заняли несколько призовых мест. Хорошие результаты были достигнуты в основном по предмету «Цифровая экономика», который является специализацией нашей средней профессиональной школы. Несколько мест было завоевано и по другим предметам. Студентам, занявшим призовые места, были вручены ценные подарки от Байрамалинского городского совета Молодёжной организации имени Махтумкули. Слова благодарности и признательности были высказаны нашему Герою Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за созданные широкие возможности для обучения и творчества. Финансово-экономическая средняя профессиональная школа Марыйского велаята

News
26.06.2025
1

State exams are ongoing

On June 23rd of the 2024–2025 academic year, a significant period began and currently, exams are actively being conducted by the state examinating teams in the lives of the graduating students of the Mary velayat financial economic secondary vocational school. Having acquired profound knowledge and with their creative and sincere work, these students are loyal to the National Leader of the Turkmen people, our Hero Arkadag, and our Esteemed President. They are ready to further raise the reputation and glory of our beloved Homeland during the Revival of the New Era of the Powerful State. Best wishes for great success were extended to the graduates completing their secondary vocational education. Words of gratitude and appreciation were expressed to our Hero Arkadag and our Arkadagly Hero Serdar, who have created broad opportunities for studying and learning. Mary velayat financial economic secondary vocational school

News
26.06.2025
1

Döwlet synaglary dowam edýär

2024-2025-nji okuw ýylynyň 23-nji iýunynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan, ele alan çuňňur bilimlerini, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmeti bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize wepaly bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da belende göterjek talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda jogapkärli döwür bolan döwlet synaglaryna badalga berilip, häzirki wagtda döwlet synag toparlary tarapyndan synaglar işjeň dowam edýär. Orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlara uly üstünlikler arzuw edildi. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
25.06.2025
1

Onlaýn maslahata gatnaşyldy

Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 25-ne sagat 15:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý. Maksat Çüriýewiň "Kafedralarda we fakultetda alnyp barylýan işleri awtomatlaşdyrmak üçin programma üpjünçilikleri döretmek we ulanmak" atly tema bilen hem-de "Alp Tehnologiýa" Hojalyk Jemgyýetiniň direktory Azizjan Allaýarowyň "Dilkent" mobil goşundysy. Iňlis dilini öwrenmek üçin niýetlenen platforma" atly gyzykly berilen onlaýn webinara gatnaşyldy.

News
23.06.2025
1

Onlaýn maslahata gatnaşyldy

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda sagat 15:00-da TDIM Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan "Bütindünýä söwda guramasynyň halkara hyzmatdaşlygy" atly sanly ulgam arkaly geçirilen webinara gatnaşyldy.

News
16.06.2025
1

Onlaýn maslahata gatnaşyldy

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý. Oguljan Şyhyýewa we şol institutyň Maglumat goramagyň innowasion tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w,ý,ý, Myrat Ataýew tarapyndan "Multimediýa ulgamlary bilim ulgamynda we "Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar" " atly onlaýn maslahata (seminara) gatnaşyldy.

News
12.06.2025
1

Onlaýn maslahata gatnaşyldy

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda sagat 15:00-da Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasasry Mämmedowa Dünýägözel tarapyndan "Şygar äleminiň nagşy-türkmeniň nusgawy şahyrlary" atly ylmy-amaly maslahata onlaýn görnüşde gatnaşyldy.

News
11.06.2025
1

Onlaýn maslahata gatnaşyldy

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan utgaşykly görnüşde "Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş" atly halkara ylmy-amaly maslahata onlaýn görnüşde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde gatnaşyldy.